Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de 2026-njy ýylyň şygarynyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli çäre geçirildi.
Öz çykyşynda ilçi Şalar Geldynazarow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýokary derejede geçirilen halkara maslahatlar hem-de 2026-njy ýylda ýurdumyzda geçiriljek möhüm ähmiýetli çäreler barada gürrüň berdi.
Şeýle hem ilçi hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň türkmen halky we daşary ýurtly okyjylar üçin sowgat bolandygyny aýratyn belledi. Bu kitabyň ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgesini ylmy taýdan öwrenmekde, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny dünýä ýaýmakda gymmatly gollanma boljakdygyny nygtady.