Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Wise-premýerler gözegçilik edýän düzümlerinde garalýan döwürde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň uly üstünliklere eýe bolýandygyna aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi.

“Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär, önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, täze, döwrebap kärhanalary gurmaga we bar bolan kärhanalary döwrebaplaşdyrmaga uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Nebitgaz, söwda, ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, oba hojalyk pudagynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport, medeniýet ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň, amala aşyrylmaly çäreleriň we öňde durýan wezipeleriň köpdügine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz indiki hepdede Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň geçiriljekdigini, onda 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleriniň jemleniljekdigini, kabul edilen maksatnamalaryň we berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň seljeriljekdigini, käbir beýleki meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti