Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet maslahatynyň dowamynda geljek 7 ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň mümkinçiliklerini we ugurlaryny beýan etdi. 

«Biz geljek ýedi ýylda 278,8 milliard manat möçberde maýa goýum serişdelerini özleşdirip, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny ep-esli derejede berkideris. Bu döwürde zähmet haklarynyň möçberi 1,8 esse artdyrylar», - diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi. 

Döwlet Baştutanymyzyň bellemegine görä, ýakyn ýedi ýylyň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde täze iş orunlarynyň 30 müňüsi dörediler, ilatyň adam başyna düşýän ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdany 102,2 göterim artdyrylar, çagalar baglarynyň 40-sy, orta mekdepleriň 54-si, ýokary hünär bilim ojaklarynyň 4-si, hassahanalaryň 7-si, medeniýet öýleri hem-de durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň 500-den gowragy gurlar.