Geçen hepdede Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 30 million 782 müň dollaryndan gowrak bolan jemi 52 geleşik hasaba alyndy. 

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň we Polşanyň işewürleri dollar serişdeleriniň hasabyna Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, EKО-5 belgili ýangyjy we «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen polipropileni satyn aldylar.

Mundan başga-da daşary ýurt pulunyň hasabyna Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň telekeçilerine nah ýüplügi ýerlenildi. 

Umumy bahasy 30,21 million manat serişdeleriniň hasabyna Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň telekeçileri nah ýüplügini hem-de ýod erginini satyn aldylar. 

Türkmen telekeçileri tarapyndan TNGIZT-de öndürilen esas ýagy, «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürdi, ýokary dykyzlykly polipropileni(«Türkmenhimiýa» DK) we el halylary satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 75 million manatdan gowrak boldy.