Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 38 million 781 müň dollaryndan gowrak bolan jemi 42 geleşik hasaba alyndy. 

Dollar serişdeleriniň hasabyna Türkiýäniň, Owganystanyň, Gonkongyň, Gruziýanyň we Özbegistanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän awtobenzini,  dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, polipropileni, nebit ýol bitumyny, şeýle-de Seýdiniň Nebit zawodynda göni arassalanan benzini satyn aldylar. 

BAE-niň we Azerbaýjanyň telekeçileri daşary ýurt puluna tüýjümek önümleri, nah ýüplügini satyn aldylar. Şeýle-de BAE-niň telekeçilerine 42 million 482 müň manatlyk nah ýüplügi ýerlenildi.

Türkmen telekeçileri «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilýän ýokary dykyzlykly polietileni, gurluşyk materiallary we el halylary satyn aldylar. Söwda geleşikleriniň umumy bahasy 1,2 million  manatdan gowrak boldy.