Türkmenistanda 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda guraljak çäreleriň maksatnamasy tassyklanyldy. Ol ýurduň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy bilen bagly çäreleri hem öz içine alýar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň 26-njy awgustdaky sanynda habar berilýär. 

Geljek aýda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» şygar astynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döredijilik duşuşyklary, maslahatlar, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler, aýdym-sazly çäreler we mediaforumlar guralar. 

Sentýabr aýynda Aşgabatdaky Mukamlar köşgünde «Çalsana, bagşy!» we Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabaralary, sungat ussatlarynyň döwlet konserti geçiriler. 

Söwda-senagat edarasynda Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi ýaýbaňlandyrylar.

Aşgabatda we ýurdumyzyň beýleki ilatly ýerlerinde durmuş hem-de önümçilik maksatly binalaryň açylyş dabaralary bolar.