15-16-njy oktýabrda Samarkantda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti geçiriler. Oňa ýokary derejeli myhmanlar bilen bir hatarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşar. Bu barada «Sputnik.uz» habarlar agentliginde aýdylýar.
26-njy awgustda geçirilen brifingiň barşynda ŞHG-niň Özbegistandaky milli utgaşdyryjysy Rahmatulla Nurimbetow:«Biz Özbegistanyň ýakyn gatnaşyklary saklaýan ýurtlarynyň Baştutanlarynyň myhmançylygyna garaşýarys. Olaryň hatarynda — Türkiýäniň we Türkmenistanyň Prezidentileri, şeýle hem dowam edýän ses bermeleriň netijesi boýunça beýleki myhmanlar bar» diýip, žurnalistlere habar berdi.
Şeýle-de sammite ŞHG-de synçy derejesine eýe bolan Belorussiýanyň, Mongoliýanyň we Eýranyň Prezidentileri gatnaşar.