Türkmenistanyň «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky müşderilere ýetirilýän hyzmatlar üçin ýygym nyrhlarynyň üýtgeýändigi barada raýatlara habar berýär.
Nyrhnamalardaky üýtgetmeler 2022-nji ýylyň 20-nji awgustynda güýje girizildi.
«Rysgal» PTB-niň komissiýa ýygymlary bankyň içerki töleglerinde we milli hem-de daşary ýurt walýutasy esasyndaky beýleki banklardaky töleglerde, kassa amallarynda (pul serişdelerini kabul etmek we ibermek, nagt pul serişdelerini bermek, banknoty tassyklamak we beýlekiler), daşary ýurt walýutasyny çalyşmak amallarynda, internet-ekwaýringde we QR kod boýunça töleglerde, «Rysgal» bankyň POS terminalynyň amallarynda (şol sanda «Altyn Asyr» bank kartlary bilen), akkreditiw amallarynda, «Rysgal» bankyň Master Card kartlary bilen ýerine ýetirilen amallarda we beýlekilerde tutulýar.
Bankyň hyzmatlary we täzelenen nyrhnamalar baradaky giňişleýin maglumatlar şu salgyda ýerleşýär.