Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki nobatdaky söwdalarynda 36 geleşik hasaba alnyp, onda söwdanyň walýuta girdejisi 29 million 727 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.
Türkiýäniň, Owganystanyň, Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Özbegistanyň işewürleri daşary ýurt puluna arassalanan benzini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, awtobenzini hem-de uçar kerosinini satyn aldylar. Özbegistanyň we BAE-niň telekeçileri tarapyndan bolsa «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamid we tehniki ýod satyn alyndy.
Daşary ýurt puluna şeýle-de Türkiýäniň hem-de Gyrgyzystanyň telekeçileri nah ýüplügini we boýalan tüýjümek önümleri satyn aldylar.
Milli manat pul serişdelerine bolsa Hindistanyň işewür toparlarynyň wekilleri tarapyndan umumy bahasy 9 million 724 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi alyndy.
Türkmen işewürleri içerki bazar üçin «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen bahasy 3 million 960 müň manatlyk ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.