Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 3 million 251 müň dollaryndan gowrak bolan jemi 9 geleşik hasaba alyndy. 

Dollar serişdeleriniň hasabyna Türkiýäniň, Owganystanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň işewürleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilýän karbamidi, şeýle hem mineral dökünleri, tüýjümek önümleri we nah ýüplügini satyn aldylar. 

Manat serişdeleriniň hasabyna Birleşen Arap Emirlikleriniň, şeýle-de Türkmenistanyň telekeçilerine nah ýüplügi we ýokary dykyzlykly polietilen ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy 4 million 360 müň manat boldy.