Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 19-njy dekabrda ýapon işewürler jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşyp, olaryň garamagyna birnäçe anyk başlangyçlary teklip etdi.

“Birinjiden, galyndylary saýpallamagyň, gaýtadan işlemegiň we ikinji gezek peýdalanmagyň hasabyna olaryň ýörite bellenilen meýdançalara iberilýän möçberini mümkin boldugyça azaltmak maksady bilen, durmuş we gurluşyk galyndylaryny gaýtadan işlemek boýunça döwrebap zawodyň gurluşygynyň taslamasyny işläp düzmegi teklip edýäris.

Ikinjiden, hapa suwlary senagatda we jemagat hojalygynda gaýtadan peýdalanmaga mümkinçilik berjek derejä çenli arassalamagyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen taslamany amala aşyrmagy maksadalaýyk hasap edýäris.

Üçünjiden, daşky gurşawda plastik galyndylaryň möçberini azaltmak hem-de polietileni ikinji gezek ulanmaga ibermek üçin plastik çüýşeleri gaýtadan işlemek boýunça kiçi zawodlaryň taslamasyny öwrenmäge taýýardyrys.

Dördünjiden, metal, plastik we elektron elementleri özünde jemleýän howply we uzak wagtlap dargamaýan galyndylaryň möçberini azaltmak maksady bilen, durmuş tehnikasyny gaýtadan işlemek boýunça kiçi zawodyň taslamasyny durmuşa geçirmek mümkinçiligini öwrenmegi teklip edýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Çykyşynyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge üýtgewsiz ygrarlydygyny, geljekde-de ýapon işewürlerine ýurtda uzak möhletleýin esasda iş alyp barmaga hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady.


Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti