Italiýanyň Florensiýa şäherinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (Türkmenistan) tarapyndan Kent döwlet uniwersitetiniň (ABŞ) şahamçasy bilen bilelikde guralan halkara maslahat geçirildi. Ol Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy we Bitarap döwletleriň ählumumy durnuklylygy üpjün etmekdäki ornuna gönükdirildi.

Saparyň çäginde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleri Kent uniwersitetiniň Florensiýadaky şahamçasynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdiler. Bu duşuşyk 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamany durmuşa geçirmegiň dowamy boldy.

Taraplar hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça anyk ädimleri bellediler. Saparyň dowamynda bilelikdäki maksatnamalary, şol sanda MBA ugruny döretmek başlangyjy maslahatlaşyldy, bu bolsa uçurymlara iki ýokary okuw mekdebiniň hem diplomlaryny almaga mümkinçilik berer. Şeýle hem talyplary we mugallymlary alyşmak, bilelikdäki tomusky mekdepleri we ylmy seminarlary geçirmek barada ylalaşyklar gazanyldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi