S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň tokaý we seýilgähi dolandyrmak kafedrasynyň, agroekologiýa fakultetiniň mugallymy Gülälek Allagulyýewa Moskwada geçirilen agrobiotehnologiýa boýunça okuw seminaryna gatnaşdy.
Gatnaşanlar oba hojalygy pudagyň durnuklylygyny gazanmak üçin häzirki zaman çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşdylar, oba hojalygynda innowasion usullaryň ornaşdyrylmagy bilen bagly meselelere garadylar. Şu nukdaýnazardan, ýaş daýhanlary uniwersitetlerde taýýarlamagyň, şeýle hem ylym we bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýeti bellenildi.
Türkmen wekilleriniň şeýle çärelere gatnaşmagy milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, şeýle hem döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ileri tutulýan meseleleriň çözülmegine uly goşant goşýar.