Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda baglaşylan jemi 30 geleşigiň umumy bahasy ABŞ-nyň 32 million 158 müň dollaryndan gowrak boldy.
Dollar serişdeleriniň hasabyna Türkiýäniň, Owganystanyň we Singapuryň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän awtobenzini, Seýdiniň nebit zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny we «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilýän hlorly kaliý serişdesini satyn aldylar.
Şeýle-de TDHÇMB-de nah ýüplügini satyn almak üçin söwda geleşigi baglaşyldy.