Türkmenistany 2022 — 2028 ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, ýakyn 6-7 ýylyň dowamynda ýurtda zähmet haklarynyň iki essä golaý, has takygy 1,8 esse ýokarlanar. Bu barada GDA-nyň internet-portaly Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine salgylanmak bilen öz okyjylaryna habar berýär.
Zähmet haklarynyň ýokarlandyrylmagy Maksatnamada göz öňünde tutulan çäreleriň — eksport ugurly önümleri öndürýän täze kärhanalaryň gurulmagynyň, haryt-dolanyşygynyň, ulag-aragatnaşyk we beýleki ulgamlaryň ösdürilmeginiň bilen baglylykda durmuşa geçiriler.
Internet portalyň habarynda «Türkmenistanda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijesinde ýakyn ýedi ýylyň dowamynda 30 müňe golaý täze iş orunlary döredilmelidir. Ýaşaýyş jaýlarynyň adam başyna düşýän umumy meýdanyny 102,2% ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär» diýip bellenilýär.
Maksatnama laýyklykda, 2028-nji ýyla çenli Türkmenistanda döwrebap hassahanalaryň 10-sy, mekdebe çenli edaralaryň 40-sy, umumy bilim berýän orta mekdepleriň 54-si we ýokary okuw mekdepleriniň 4-si gurlar. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi we ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi üçin 278,9 milliard manada golaý serişde sarp ediler.