6-njy awgustda Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty energetikasy-2022» atly Halkara sergi öz işine başlady. Ol Türkmenistanda ilkinji gezek baýram edilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli guraldy. 

Sergä milli ykdysadyýetiň gurluşyk, senagat we energetika ulgamlarynyň, pudaklaýyn ministrlikleriň hem-de daşary döwletiň senagat kompaniýalarynyň köp sanly wekilleri gatnaşdylar. 

Şeýle-de serginiň çäklerinde «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» ady bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi.