Türkmenistanyň paýtagtynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň Ykdysady, sosial we medeni hukuklar boýunça halkara şertnama laýyklygyny bahalandyrmagyň meselelerine bagyşlanyp duşuşyk geçirildi. Bu barada «Türkmenistan:Altyn asyr» saýtynda habar berilýär.
Maslahata Türkmenistanyň adamyň hukugy we halkara ynsanwerlik hukugy ugrunda halkara borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça Hökümetara komissiýasynyň Iş toparynyň agzalary gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar BMGÖM-niň halkara hünärmeni Tomas Baranowasyň çykyşyny diňlediler. Ol öz çykyşynda, umuman, Türkmenistanyň kanunçylygynyň Ykdysady, sosial we medeni hukuklar boýunça halkara şertnama laýyk gelýändigini belledi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň milli kanunçylygynyň Ykdysady, sosial we medeni hukuklar boýunça halkara şertnama laýyklygyny bahalandyrmagyň jemleýji seljermesiniň netijesi mälim edildi we Hökümetara komissiýasynyň degişli maslahatlary ýetirildi.