Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň nobatdaky söwdalarynyň barşynda umumy bahasy ABŞ-niň 41 million 403 müň dollaryndan gowrak bolan 73 geleşik hasaba alyndy.
Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň we Gazagystanyň işewürleri daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen göni arassalanan benzini, suwuklandyrylan gazy, dizel ýangyjyny we awtobenzini, şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy we «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen granulirlenen tehniki kükürdi satyn aldylar.
Dollar serişdeleriniň hasabyna BAE-niň we Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplügi ýerlenildi.
Manat serişdeleriniň hasabyna türkiýeli işewürler umumy bahasy 2 million 363 müň manat bolan nah ýüplügini satyn aldylar.
Ýerli telekeçiler tarapyndan el halylary, pagta süýümi we «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykly polietilen satyn alyndy. Geleşikleriň umumy bahasy 80 million 270 müň manada deň boldy.