Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 55 million 399 müň 550 dollaryna deň bolan jemi 49 geleşik baglaşyldy. 

Dollar serişdeleriniň hasabyna Owganystanyň, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Özbegistanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän uçar kerosinini, ulag ýangyjyny we yşyklandyrylan kerosini, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilýän suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. 

Mundan başga-da dollar serişdeleriniň hasabyna Ermenistanyň, Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň telekeçilerine nah ýüplügi, tüýjümek önümleriň toplumy, guradylan buýan köki ýerlenildi. 

Manat serişdeleriniň hasabyna Türkiýäniň we Birleşen Arap Emirlikleriniň alyjylary umumy bahasy 13 million manatdan gowrak bolan nah ýüplügini satyn aldylar.