Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmek boýunça hünärmenleriň Bilelikdäki toparynyň 5-nji maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň hökümetiniň BMG bilen bilelikde guramagynda geçirilen çäräniň maksady oňa gatnaşyjylary durnukly ösüşi maliýeleşdirmegiň degişli gurallary we halkara tejribesi, şeýle-de Türkmenistanyň barha ösýän gazna bazary bilen  tanyşdyrmakdan ybarat boldy.

Toparyň agzalary «Durnukly ösüşi maliýeleşdirmek» maksatnamasynyň esasy ugurlary we 2022-nji ýylda «Maliýe bökdençligini aradan aýyrmak» hasabaty bilen tanyşdyryldy. Hasabatda 2015-nji ýyldaky ösüşi maliýeleşdirmek boýunça 3-nji halkara  konferensiýasynyň Addis-Abebs maksatnamasynda kesgitlenilen ösüşiň 7 ugry nazara alynýar.

Türkmenistanyň ösüşi maliýeleşdirmekde gazanan üstünlikleri hakynda halkara derejeli hünärmen Lewon Barhudarýan belledi.  Onuň bellemegine görä, Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna gatnaşmagy ýurduň milli strategiki maksatnamalarynyň onuň bilen sazlaşmagyna, durnukly syýasy we makroykdysady gurşawyň berkemegine, uglewodorod ätiýaçlyklarynyň artmagyna, eksportyň ýokarlanmagyna we söwda gatnaşygynyň gowulanmagyna ýardam edýär. 

Şeýle hem maslahatyň dowamynda oňa gatnaşanlar Aşgabadyň birža gaznasynyň başlygy tarapyndan durnukly ösüşi maliýeleşdirmegiň milli guraly hökmünde Türkmenistanyň barha ösüp barýan gazna bazary bilen tanyşdyryldy.