Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamynyň edaralarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek we bu ugry düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy-hukuknamalary täzelemek hem-de öňdebaryjy halkara tejribäni ornaşdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berildi.
Howa kodeksiniň, Söwda deňiz gatnawynyň kodeksiniň, “Awtomobil ulagy hakynda”, “Demir ýol ulagy hakynda” we “Ätiýaçlandyryş hakynda” Kanunlaryň düzgünnamalaryna laýyklykda, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň gatnaşmagynda ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň hem-de ulag toplumynyň işgärleriniň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakynda Düzgünnamanyň rejelenen görnüşi işlenilip taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda, bu resminamanyň taslamasynda milli ykdysadyýetimiziň aýratynlyklary göz öňünde tutuldy, adalgalar täze kanunçylyga laýyk getirildi, ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylaryny hem-de ulag ulgamynyň işgärlerini ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek boýunça anyk ýagdaýlar we düzgünler kesgitlenildi.
“Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň, howa, deňiz, derýa, awtomobil ulaglarynyň ekipaž agzalarynyň we demir ýol ulaglarynyň işgärleriniň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakynda” Kararyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda çykaran 1646-njy Permanynyň käbir böleklerini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakyndaky Permanyň taslamalary milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ätiýaçlandyryş işiniň ähmiýetini belledi. Bu ulgamyň köp wezipeleri ýerine ýetirýändigi netijesinde, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam edýär, ilaty durmuş taýdan goramagyň gurallaryny amala aşyrýar hem-de maýa goýumlarynyň möhüm çeşmesi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz bu ulgamyň döwletiň we jemgyýetiň, raýatlaryň hem-de ýuridik şahslaryň bähbitleri bilen baglydygyny nygtady.
Hut şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ätiýaçlandyryş işiniň tertibini kämilleşdirmegiň hem-de bu ulgamyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýtdy. Milli Liderimiz degişli resminamalara gol çekip, olary elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu ugurda bellenen wezipeleriň ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary ähli pudaklary depginli ösdürmek, döwlet emlägini has-da netijeli dolandyrmak, hususylaşdyrmak we olary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, milli ykdysadyýetimiziň düzüminde hususy ulgamyň paýyny artdyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň bu mesele boýunça Hökümetiň mejlislerinde, şeýle hem gymmatly kagyzlar bazarynyň işini zerur bolan derejede guramak, bank edaralarynyň işini kämilleşdirmek we olary tapgyrlaýyn paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, işler alnyp barylýar.
Amala aşyrylýan çäreler Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda we bank ulgamyny 2011 — 2030-njy ýyllarda ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipelere laýyk gelýär.
Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Merkezi bank bilen bilelikde geçiren seljermesiniň netijeleriniň esasynda “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek baradaky teklip hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň karz edaralarynyň işini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça görülýän çäreleriň banklaryň maýa goýum kuwwatyny ýokarlandyrmaga, maliýe binýadyny pugtalandyrmaga, bank gözegçiligini kämilleşdirmäge, degişli amallaryň möçberini giňeltmäge oňyn täsir etmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere göz öňünde tutulan işleri bellenen möhletde geçirmegi hem-de döwlet banklarynyň birnäçesiniň guramaçylyk-hukuk düzümini üýtgetmek baradaky meseläniň üstünde işlemegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow nebitgaz toplumynyň dürli ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, pudagyň kärhanalarynyň önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmak, nebithimiýa önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi. Oňa laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň tehnologik desgalary üçin sorujy enjamy we ätiýaçlyk şaýlary satyn almak meýilleşdirilýär. Şol enjamlar ýokary oktanly benzini we onuň goşundysyny öndürýän desga, çalgy ýaglaryny öndürýän we suw üpjünçiligi desgalary hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň bitum öndürýän desgasy üçin niýetlenendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny netijeli durmuşa geçirmegiň zerurdygyny nygtady. Pudagyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak şol maksatnamanyň möhüm ugry bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynda innowasion tehnologiýalary giňden ulanmagyň, dünýäniň esasy nebitgaz kompaniýalary bilen özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, daşary ýurt maýalaryny çekmegiň wajypdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz “Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň sorujy enjamy we ätiýaçlyk şaýlary satyn almagy hakyndaky” Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de ondan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmek barada degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň barşy barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, ekişi öz wagtynda geçirmek, şol sanda oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz işledilmegini ýola goýmak, ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek hem-de ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak boýunça zerur çäreleriň görlendigi bellenildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermeginde Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda pagta ýygymyna guramaçylykly girişildi, Daşoguz welaýatynda bolsa “ak altynyň” ýygymyna taýýarlyk görmek işleri dowam edýär.
Häzirki wagtda bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň depginini güýçlendirmek, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, harmanhanalaryň, kombaýnlaryň we hasyly daşamak üçin ulanylýan awtoulaglaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin ähli tagallalar edilýär. Hasyly tehnikalaryň kömegi bilen ýygnamak üçin gowaçanyň ýapragyny düşürmek işleri amala aşyrylýar.
Pagtaçylara kömek bermek üçin welaýatlara alymlardan we tejribeli hünärmenlerden ybarat ýörite toparlar iberildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň obasenagat toplumy üçin satyn alnan täze kysymly, ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikasyny netijeli ulanmak bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekdi.
Ýokary hünär endikleri we tejribesi bilen birlikde, döwrebap pagta ýygýan kombaýnlaryň elektron enjamlary aýratyn bilimi, şol sanda informatikanyň esaslaryny talap edýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de oba hojalyk pudagy üçin hünärmenleri okatmak, taýýarlamak hem-de hünär derejesini ýokarlandyrmak ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet ýer kadastryny alyp barmak, ýerlerde ýer eýelerine, ýerden peýdalanyjylara, kärendeçilere berilýän ýer bölekleri hakyndaky maglumatlaryň hem-de ýer serişdelerini rejeli ulanmak we goramak bilen baglanyşykly beýleki maglumatlaryň öz wagtynda girizilmegine gözegçiligi güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady.
Wise-premýere pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek, bugdaýa ideg etmegiň ylmy usullaryny ulanmak, bu ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak babatda anyk tabşyryklar berildi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda maldarçylyk pudagyny, şol sanda hususy ulgamda maldarçylygy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin zerur çäreleri görmegi talap etdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde bazalt inçe süýüminden, mineral pamykdan ses we ýylylyk saklaýjy serişdeleri öndürýän täze kärhanany gurnamak barada habar berildi.
Bu kärhana Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda gol çeken “Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalarynyň gurluşygy hakynda” Kararyna laýyklykda gurlar.
Öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ses we ýylylyk saklaýjy serişdeleri öndürýän kärhanany diwar materiallarynyň önümçiligi boýunça düýpli döwrebaplaşdyrylan binada ýerleşdirmek teklip edilýär.
Bu kärhana üçin tehnologik enjamlary satyn almak we ony gurnamak barada halkara bäsleşik geçirildi. Onuň jemleri boýunça ýeňiji kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu gün ýurdumyzyň gurluşyk senagatyny ösdürmek we onuň kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýändigini aýtdy. Pudagyň täze gurulýan we döwrebaplaşdyrylýan kärhanalary içerki bazary ýokary hilli hem-de elýeter önümler bilen doly üpjün etmelidir.
Döwlet Baştutanymyz gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işleri makullap, innowasion ösüşi esasy ugur edinýän Türkmenistanyň dünýäniň öňdebaryjy tejribesini we daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň häzirki zaman kämil tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Milli Liderimiz bu ugurdaky işleri has-da işjeňleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow gözegçilik edýän ulag toplumynda işleri döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa häzirki wagtda ýurdumyzyň söwda deňiz flotuny giňeltmek, Hazar deňziniň gurşawyny goramak, pudagyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň söwda flotunyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak, suw ulaglaryny döretmek boýunça innowasion taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, birnäçe häzirki zaman gämileri satyn alyndy we ulanmaga berildi. Häzirki zaman innowasion tehnologiýalar we döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň doly kuwwatynda işlemegini üpjün etmek boýunça degişli çäreler geçirilýär.
Deňizde gämileriň halkara ýüzüşleriniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmagyň, olaryň işini halkara ölçeglere laýyklykda guramak boýunça çäreleriň çäklerinde Halkara klassifikasion jemgyýetleriniň sanyny artdyrmak ugrunda degişli işler geçirilýär. Hasabatyň dowamynda wise-premýer pudagy sanlylaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýan çäreler barada-da hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň doly kuwwatyna çykarylmagynyň Merkezi Aziýa we Hazar sebiti üçin strategik ähmiýete eýedigini belledi. Munuň özi yklymara ýük gatnawlarynyň logistika ulgamynda düýpli özgertmelere getirer hem-de Türkmenistanyň ýük düşürilýän-ýüklenilýän terminallary has gysga we bähbitli gatnawlar üçin iň amatly merkeze öwrüler.
Milli Liderimiz Ulag-kommunikasiýa toplumyny 2025-nji ýyla çenli ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, porta getirilýän hem-de äkidilýän ýükleriň elektron hasaba alnyşyny ýola goýmak, ýükleri awtomatik usulda ýüklemek we düşürmek, milli deňiz söwda flotuny giňeltmek meselelerini öwrenmek hem-de onuň gämileriniň täze halkara gatnaw ugurlaryny açmak boýunça möhüm wezipeleriň öňde durýandygyny aýtdy.
Kuwwatly söwda flotuny döretmek işleriniň depginlerini güýçlendirmek üçin deňiz gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere bellenilen meýilnamalary amala aşyrmak üçin ähli tagallalary jemlemegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kommunikasiýa toplumyny sanly ulgama geçirmek meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini çaltlandyrmagy talap etdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň barşynda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezowa käýinç yglan etdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisine we ylmy-amaly maslahata hem-de Aşgabat şäherinde dokma önümleriniň dükanlaryny açmaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Wise-premýer serginiň çäklerinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň, şol sanda döwlet we hususy kärhanalarynyň gazanýan üstünliklerini, milli ykdysadyýetimiziň köpugurly kuwwatyny we pudaklaryň sazlaşykly ösüşini beýan edýän bölümleriň 70-den gowragynyň gurnaljakdygyny habar berdi.
Şeýle-de “Sanly ykdysadyýet — ykdysady ösüşiň möhüm ugry” atly ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.
Wise-premýer hasabatyň dowamynda Aşgabat şäherinde Dokma senagaty ministrliginiň ýöriteleşdirilen dükanlarynyň açyljakdygy barada hem hasabat berdi. Şolarda Türkmenistanda öndürilýän we uly islegden peýdalanýan ekologiýa taýdan arassa hem-de ýokary hilli dokma önümleriniň söwdasy guralar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli işleriň geçirilendigini we bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylandygyny belledi. Bu gün Türkmenistan sazlaşykly ösýän we ýokary tehnologiýalara, täzeçil usullara esaslanýan döwlet hökmünde dünýäde uly meşhurlyga eýe boldy. Milli Liderimiz Diýarymyzda giň möçberli taslamalaryň we oňyn başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz täze açyljak dükanlar barada aýtmak bilen, soňky ýyllarda dokma pudagynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy hem-de önümçilik binýadynyň tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagy netijesinde, hil we ekologiýa howpsuzlygy babatda degişli halkara ölçeglere kybap gelýän taýýar önümleriň görnüşleriniň artdyrylýandygyny belledi. Munuň özi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň binýadynyň barha pugtalanýandygyna güwä geçýär.
Dokma önümlerini has-da işjeň ilerletmek üçin degişli mahabat, hususan-da, soňky ýyllarda meşhurlyk gazanan milli nyşanly harytlary mahabatlandyrmak zerurdyr. Şeýle hem ilatyň möwsümleýin isleglerine görä, dünýä ýörelgelerine gabat gelýän gelşikli lybaslaryň önümçiligi işlenip taýýarlanylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň kärhanalary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, dükanlarda söwdany guramak we alyjylar üçin oňyn şertleri döretmek babatda anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa ýurdumyzyň muzeýlerine wirtual syýahatlary guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynda hem-de Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, häzirki döwürde ýurdumyzyň muzeýlerinde sanly ulgam arkaly wirtual syýahaty ýola goýmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Muzeý gymmatlyklarynyň bir bitewi elektron binýady, şeýle hem Diýarymyzyň iri muzeýleriniň resmi internet-saýtlary döredildi. Häzirki wagtda internet ulgamy arkaly elektron petekleri satmak hyzmatlary ýola goýulýar.
Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň iki sergi zalynda “Wirtual muzeý” taslamasynyň ilkinji wideogörnüşi taýýarlanyp, synagdan geçirildi. Ol dünýä tejribesini öwrenmek arkaly ýurdumyzyň hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanyldy.
Wise-premýer “Wirtual muzeý” taslamasyny durmuşa geçirmekde ulanylýan tehnologiýalar barada habar berip, ony Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda goýbermegiň meýilleşdirilýändigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Diýarymyzyň baý medeni mirasyny wagyz etmekde sanly tehnologiýalary ulanmagyň ähmiýetini nygtady. “Wirtual muzeý” taslamasynyň durmuşa geçirilmegi we umuman, wirtual syýahatçylygyň guralmagy biziň medeni ojaklarymyza gelýänleriň sanyny ep-esli artdyrmaga, raýatlaryň köpüsine bolsa desgalara wirtual ýagdaýda baryp görmäge kömek eder.
Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işini guramakda döwrebap tehnologiýalary işjeň ulanmagyň zerurdygyny belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra wise-premýer Aşgabatda ýergurluşyk işleri geçirilen mahalynda ýüze çykarylan tapyndylar barada hasabat berdi.
Üç metre barabar çuňlukdan gadymy döwre degişli küýzegärçilik önümleri ýüze çykaryldy. Şu çägi içgin öwrenmegiň netijesinde, Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleri ýeriň ýüzüniň häzirki derejesinden iki metr aşakda hatara duran üç sany keramiki humlaryň bardygyny anykladylar.
Türkmen hünärmenleri tarapyndan geçirilen ilkinji barlaglaryň netijesinde, bu tapyndylaryň Parfiýa döwrüne (biziň eýýamymyzdan öňki III — biziň eýýamymyzyň III asyrlary) degişlidigi anyklanyldy.
Ýüze çykarylan humlaryň beýikligi 1 metre, göwrüminiň diametri 60 santimetre barabar bolup, olaryň daşky keşbinde Parfiýa döwrüniň humlaryna mahsus bolan ähli alamatlar bar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň çäklerinde ýüze çykarylan taryhy tapyndylar barada aýdyp, paýtagtymyzyň ösüş tapgyrlary hakynda alymlaryň we taryhçylaryň maglumatlaryny düýpli üýtgetmäge mümkinçilik berjekdigini belledi hem-de tapyndylar tertipleşdirilenden we ylmy esasda öwrenilenden soň, olaryň tanyşdyryş çäresini geçirmek hem-de ýurdumyzyň muzeýlerine bermek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Biz taryhymyzy düýpli öwrenmelidiris, oňa sarpa goýmalydyrys, taryhy hakydany aýawly saklamalydyrys, ata-babalarymyzyň ösüp gelýän nesli terbiýelemekde ygtybarly ýol görkeziji bolan gymmatly mirasyny artdyrmalydyrys.
Bize hem-de tutuş adamzada ajaýyp şahsyýetleri, ägirt uly gymmatlyklary beren medeniýetimiz, biziň däp-dessurlarymyz nesilden-nesle geçirilip, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan işlenip taýýarlanylan Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynyň taslamasyny hödürledi.
Ýakyn ýyllarda himiýa ylmynyň we täze himiýa tehnologiýalarynyň üsti bilen ekologiýa taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegiň innowasion tehnologiýalaryny işläp düzmek boýunça yzygiderli işleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Ylmy-barlag edaralarynyň arasynda gatnaşyklary hem-de halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, himiýa ulgamynda ylmy-barlag işleriniň depginini ýokarlandyrmak hem-de ylmyň, bilimiň we önümçiligiň özara baglanyşygyny üpjün etmek meselelerine uly üns berler. Ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda himiýa ylmynyň ornunyň ýokarlandyrylmagy bilen ylmy-barlaglaryň netijeleri önümçilige işjeň ornaşdyrylar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň himiýa ylmyny toplumlaýyn ösdürmegiň we bu ulgamda alnyp barylýan ylmy-barlaglaryň iş tejribesine ornaşdyrylmagyna berilýän ünsüň aýratyn möhüm ähmiýetini belläp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ýaş alymlary taýýarlamak, dünýäniň belli ylmy-barlag merkezleri bilen özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak, häzirki zaman şertlerinde uly islege eýe bolan täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak meselelerine ilkinji derejeli üns berilmelidir, şolaryň önümçilige giňden ornaşdyrylmagy ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli hem-de bäsdeşlige ukyply, diňe bir içerki bazarda däl-de, dünýä bazarynda-da uly islege eýe bolan önümleriň önümçiligini yzygiderli giňeltmäge hem-de görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny durmuşa geçirmegiň çäreleri barada hasabat berdi.
Ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri, hususan-da, ulag ulgamyna degişli ugurlar boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Birnäçe abraýly halkara guramalar bilen özara gatnaşyklaryň çäklerinde degişli resminamalary amala aşyrmak maksady bilen, bu ugurda yzygiderli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2014-nji, 2015-nji we 2017-nji ýyllarda geçirilen mejlislerinde durnukly ulag ulgamy boýunça ýörite Kararnamalar kabul edildi. 2016-njy ýylyň noýabrynda bolsa Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda bu ugur boýunça birinji Ählumumy halkara maslahat geçirildi.
Ýakyn geljekde ulag diplomatiýasy ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Häzirki döwürde ýiti ýokanç kesel zerarly dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaý zerarly halkara ulag düzüminiň durnukly hereketini üpjün edýän täze halkara-hukuk guralyny döretmek zerurlygy ýüze çykýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy. Oňa nobatdaky mejlisde garamak meýilleşdirilýär.
Ulag ulgamyndaky gatnaşyklaryň wajyp meseleleri Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatynyň gün tertibine giriziler. Ony BMG bilen bilelikde 2021-nji ýylda biziň ýurdumyzda geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem BMG-niň sebit komissiýalary, şol sanda Ýewropa ykdysady komissiýasy hem-de Aziýa we Ýuwaş ummany boýunça ykdysady we durmuş komissiýasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň ägirt uly ähmiýeti bardyr. 2020-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda bu düzümler bilen bilelikde ulag meselesine bagyşlanan ýokary derejedäki sebit gepleşiklerini geçirmek meýilleşdirilýär.
Şeýle hem bu ugur boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin hukuk binýadyny pugtalandyrmak babatda anyk işler durmuşa geçirilýär. Şu ýylyň 22-nji awgustynda Mejlisiň nobatdaky maslahatynda Türkmenistanyň ulag boýunça halkara resminamalarynyň 6-syna goşulmagy hakyndaky Kararlar kabul edildi.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň gümrük amallarynyň ýeňilleşdirilmegi we sazlaşyklylygy hakynda Halkara konwensiýa (Kiot konwensiýasy) goşulmagy hakyndaky teklibi beýan etdi. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berer.
Şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň ulag pudagyny sanly ulgama geçirmegiň çäklerinde BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bu ugurda ýurdumyzda “ASYÑUDA WORLD” utgaşdyrylan gümrük maglumatlar ulgamyny ornaşdyrmak boýunça BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň taslamasy durmuşa geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, BMG ÖM, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy hem-de Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde “Eksport-import amallary üçin “bir penjire” atly taslamasyny tapgyrlaýyn durmuşa geçirmek boýunça Ähtnamanyň taslamasy taýýarlanyldy.
Milli Liderimiziň goldaw bermegi netijesinde, ulag diplomatiýasy sebit derejesinde-de durmuşa geçirilýär. Şu ýylyň 2-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleri bilen geçirilen üçtaraplaýyn duşuşykda öňe süren Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (“Lapis Lazuli”) ugry boýunça halkara üstaşyr ulag geçelgesiniň bilelikdäki taslamasyny amala aşyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Hususan-da, ulag we aragatnaşyk pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça üçtaraplaýyn pudagara topar döredildi. Onuň çäklerinde birnäçe degişli ugurlar boýunça iş toparlary döredildi hem-de olaryň duşuşyklary geçirildi. Şolaryň netijesinde meýilleşdirilen işler boýunça Ýol kartasy taýýarlanylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag-kommunikasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň möhüm şertleriniň biridigini belledi. Bu strategik ulgamda ägirt uly kuwwata eýe bolan Türkmenistan köptaraply hyzmatdaşlygyň netijeli we özara ylalaşykly çemeleşmelerini işläp taýýarlamak ugrunda çykyş edýär.
Şunuň bilen baglylykda, ulag diplomatiýasy möhüm ähmiýete eýe bolýar. Bu ulgamda möhüm orunlaryň birini eýeleýän ýurdumyz anyk teklipleri, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda umumy tagallalary utgaşdyrmak baradaky teklipleri öňe sürýär.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda ulag ulgamynyň dünýä ösüşiniň ugurlaryny kesgitleýän möhüm ulgamlaryň hatarynda durýandygyny belledi. Multimodal, ýokary tehnologiýaly ulag we logistika düzüminiň döredilmegi häzirki döwrüň möhüm talabydyr.
Bu ulgamda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi tutuş halkara bileleşigiň bähbitlerine kybap gelýär hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, ählumumy, sebit we milli derejede ykdysady hem-de durmuş görkezijileriniň ýokarlanmagyna ýardam eder.
Milli Liderimiz Bitarap Türkmenistanyň uzak möhletli geljege gönükdirilen ulag strategiýasynyň BMG-niň giň goldawyna mynasyp bolýandygyny we özüniň oňyn netijesini berýändigini belläp, beýan edilen teklipleri makullady hem-de bu ugurdaky işi yzygiderli dowam etmegi, ýurdumyzyň oňyn başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän toplumlaýyn harby özgertmeleriň, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň barşy hakynda hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Garaşsyz döwlet hökmünde goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň esasynda Ýaragly Güýçleri häzirki zaman tehnikalary bilen enjamlaşdyrmak, harby gullukçylaryň üpjünçiligini berkitmek maksady bilen düýpli özgertmeleri amala aşyrýandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, ýaşlary watansöýüjilik we mukaddes harby kasama wepalylyk ruhunda terbiýelemegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşi boýunça giň möçberli maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün edýän birnäçe Kanunlary we kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny işläp taýýarlamak babatda öňe süren tekliplerini ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak, möhüm pudaklaryň sazlaşykly ösüşi üçin amatly hukuk mümkinçiliklerini döretmek boýunça alyp barýan işleri barada habar berdi.
Mejlisiň deputatlary Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini düşündirmek hem-de milli jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak we bu ugurda öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça ilatyň arasynda wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar.
Halkara gatnaşyklary ösdürmek arkaly deputatlar dürli çärelere, şol sanda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy bilen bilelikde guralýan dürli çärelere gatnaşýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň durmuş-ykdysady maksatnamalaryny we taslamalary mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, milli parlamentiň kanunçylyk işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyp, ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli zerur şertleri üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisine gatnaşýanlaryň ünsüni öňde boljak Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek we ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlyk gününi dabaralandyrmak boýunça öňde durýan möhüm meselelere çekdi. Milli Liderimiz döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky bu möhüm çärelere taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda öňde durýan wajyp wezipeleri kesgitläp, degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Hökümet mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.