16-njy iýulda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Milli Geňeşiň Mejlisiniň 19-njy maslahatynda «Elektron hökümet hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu barada «Watan» habarlary gepleşiginde aýdyldy.
Kanun 2019-2025-nji ýyllarda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge ýardam etmek maksady bilen kabul edildi. Şeýle hem bu resminama elektron hökümetiniň işini kadalaşdyrmakda ähmiýetlidir.
Sanly tehnologiýalaryň döwlet dolanyşygynda peýdalanylmagy hökümet edaralarynyň işiniň aç-açanlygyny we olaryň Türkmenistanyň raýatlary üçin elýeterliligini ýokarlandyrar.