Türkmenistanda 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk haklarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň, kömek pullarynyň hem-de pensiýalaryň möçberleri 10% artdyrylar. Bu babatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde degişli Permana gol çekdi.
10% möçberde goşmaça töleg býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärlerine, okuw edaralarynyň talyplaryna, döwlet kömek pullary we pensiýa bellenen adamlara degişli esasda tölener.
2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan iň pes aýlyk zähmet haky 1160 manat möçberde, pensiýanyň iň pes möçberi – 450 manat, döwlet kömek pullarynyňky bolsa – 430 manat möçberde bellenildi.
Permana laýyklykda, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberi 1880 manat, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberi bolsa 550 manat möçberde kesgitlendi.