Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň nobatdaky geçirilen söwdalarynda umumy bahasy 14 million 800 müň ABŞ dollary möçberine deň bolan 38 geleşik hasaba alyndy.
Owganystanyň işewürlik pudagynyň wekilleri geçirilen söwdalarda dollar serişdelerine ýurduň nebit-gaz we nebit-himiýa önümlerinden Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini we gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçilerine nah ýüplük, tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümleri ýerlenildi.
Manat serişdelerine BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri nah ýüplük hem-de pagta soapstogynyň çig ýag turşulygyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 3 million 877 müň manatdan gowrak boldy.
Türkmen işewürleri bolsa içerki bazar üçin jemi bahasy 47 million 649 müň manatdan gowrak bolan, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykly polietileni hem-de el haly önümlerini satyn aldylar.