Hepdäniň anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer M.Muhammedow jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejilere we terrorizmiň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek ugrundaky çäreler hakynda hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky utgaşdyryjy Pudagara iş topary döredildi. Onuň düzümine dürli ugurly edaralaryň we ministrlikleriň ýolbaşçylary girýär. 

Şeýle hem hasabatyň barşynda wise-premýer M.Muhammedow ýurdumyzyň ýaragly güýçlerine degişli ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylaryndan düzülen utgaşdyryjy Pudagara iş toparyny döretmek teklibini öňe sürdüler. 

Hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze toparynyň esasy iş ugrunyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejilere we terrorizmiň maliýeleşdirilmegine garşy göreşi işjeňleşdirmäge gönükdirilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu ugurdaky işleri dowam etmegi tabşyrdy.