29-njy iýunda Aşgabatda VI Hazar sammiti geçirildi. Oňa Hazarýaka döwletleriniň Liderleri – Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew, Eýranyň Prezidenti Seýid Ibrahim Raisi, Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Aliýew we Türkmenistanyň döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Sammitiň barşynda söwda-ykdysady, syýasy-hukuk we medeni-ynsanperwer ugurda sebit hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu ýerde geçen V Hazar sammitiniň 2018-nji ýylda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilendigini ýatlamak bolar. Onuň jemleri boýunça Hazar deňzinde hukuk derejesi barada Konwensiýa gol çekildi.