Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 24 million 442 müň dollaryndan gowrak bolan jemi 25 geleşik hasaba alyndy. 

Dollar serişdeleriniň hasabyna Türkiýäniň, Owganystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Beýik Britaniýanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän uçar kerosinini, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilýän azyklyk duzy we nah ýüplügini satyn aldylar. 

Şeýle-de manat serişdeleriniň hasabyna BAE-niň, Hindistanyň, Pakistanyň we Gazagystanyň telekeçilerine nah ýüplügi hem-de lukmançylyk serişdeleri ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy 40 million 522 müň manatdan gowrak boldy. 

Ýerli telekeçiler içerki bazaryň zerurlyklary üçin umumy bahasy 8 million 587 müň manatdan gowrak bolan gurluşyk materiallaryny satyn aldylar.