Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde maliýe-ykdysadyýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer Muhammetguly Muhammedow ýurdumyzyň Býujet kodeksiniň talaplaryny we wezipelerini ýerine ýetirmäge gönükdirilen «Türkmenistanda býujet işini kämilleşdirmegiň çäreleri hakynda» kararyň taslamasynyň işläp taýýarlanylyşy barada habar berdi. Bu barada «Watan» habarlary gepleşiginde aýdyldy. Bu taslama laýyklykda, Türkmenistanyň döwlet býujetiniň ozalky 1 ýyllyk möhletini 3 ýyla çenli artdyrmak meýilleşdirilýär.
Wise-premýeriň hasabatyny diňläp, Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet býujetiniň ýurduň esasy maliýe resminamasydygyny belledi. Býujet ulgamynyň oýlanyşykly we paýhasly ykdysady dolandyrylyşynyň möhümdigine üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky işleri alyp barmagy dowam etmek bilen bagly birnäçe tabşyryklar berildi.