27 Ýanwar, 2020 ý.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýeti Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda ýolagçy awtomenzilleriniň bina edilmegi boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň yglan eden halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.
Desgalaryň gurluşygyny Senagat we kommunikasiýalar ministrligi bilen paýly gatnaşykda amala aşyrmak meýilleşdirilýär.
Kärhananayň öňünde goýlan baş wezipeler: desgalaryň gurluşygynda we enjamlaşdyrylmagynda innowasion tehnologiýalary ulanmaklyk, olaryň ygtybarlygyny üpjün etmeklik we ýolagçylar üçin iň amatly şertleri döretmeklik.
“Muhammet-Balkan” HJ-niň şeýle desgalary gurmak boýunça tejribesi bar. 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda paýtagtymyzdaky Aşgabat-Daşoguz awtoulag magistralynyň ugrunda ýerleşýän halkara derejeli ýolagçy awtomenzilini ulanyşa tabşyrdy.