29-njy iýunda türkmen paýtagtynda nobatdaky ¬– VI Hazar sammiti geçiriler. Bu barada 22-nji iýunda geçirilen brifingde  Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowa habar berdi. 

Sammit soňky gezek 2018-nji ýylda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilip, onuň jemleri boýunça Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa gol çekildi. V Hazar sammitine Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň ählisi – Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Alyýew we Eýran döwletiniň Prezidenti Hasan Ruhani gatnaşdy.

Aslyýetinde geçen ýylda geçirilmeli bolan bu sammit arassaçylyk tertip-düzgünleri we çäklendirmeler sebäpli 2022-nji ýyla goýuldy.