2022-nji ýylyň iýulynda Garabogaz aýlagynda täze awtoulag köprüsiniň gurluşyk işlerine başlanar. Bu barada «Watan» habarlary gepleşiginiň 16-njy iýunyndaky goýberilişinde aýdyldy. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.
Bu köpri Türkmenistanyň we Gazagystanyň serhet çäklerini birleşdirmäge hem-de ýurdumyzyň günbatarynda bitewi ulag-logistik ulgamy emele getirmäge ýardam eder. Ýurdumyzyň günbatar çäginde gurlan ýol gatnawy «Aşgabat — Türkmenbaşy» awtomagistralyň dowamy bolmak bilen, iki goňşy döwletiň arasyndaky haryt dolanyşygyny artdyrmaga şert döreder.
Garabogaz aýlagynyň üstünden gurlan köne awtoulag köprüsi Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedi ugry boýunça ýoluň bir bölegi bolup, ol ýük gatnawlarynyň häzirki artdyrylan möçberini üpjün etmäge mümkinçilik bermeýär.
Köpriniň gurluşyk işlerini 2024-nji ýylyň iýunynda tamamlamak maksat edinilýär.