Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 25-nji maýda 2023-nji ýyl üçin döwlet býujetini işläp taýýarlamak hakynda Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlary gepleşiginde aýdyldy. 

Karar «2023-nji ýyl üçin ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň we maýa goýum maksatnamasynyň esasy ugurlaryny öz içine alýan döwlet býujetini öz wagtynda taýýarlamagy üpjün etmek» maksady bilen kabul edildi. 

Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Maliýe ministrligine 2022-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli geljek ýyl üçin niýetlenilen döwlet býujetiniň taslamasyny işläp taýýarlamak we  durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de maýa goýum maksatnamasynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek tabşyryldy.

Taslamanyň işläp taýýarlanylmagy üçin ýurdumyzyň ministrliklerine, pudak edaralaryna, welaýatlarymyzyň we paýtagtymyzyň häkimliklerine degişli hasabatlary hem-de tabşyryklary şu ýylyň 1-nji iýunyna çenli ugratmak tabşyryldy.

Ýurdumyzyň baş maliýe resminamasyny taýýarlamak üçin ýörite iş topary döredildi.