Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti GDA döwletleriniň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň Duşenbe şäherinde geçirilen nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Bu barada «turkmenistan.gov.tm» saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň barşynda halkara gün tertibiniň zerur meseleleri hem-de arkalaşygyň çäklerinde özara hyzmatdaşlyk boýunça pikir we tejribe alşyldy.
Şeýle hem, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Wepa Hajyýew häzirki zamanyň wehimlerine garşy durmak, hususan-da, kiber we biologiki howpsuzlygy üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmek barada belledi.