12-13-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň ilkinji Parlamentara forumy geçirilýär. 

Foruma gatnaşmak üçin daşary döwletleriň wekiliýetleri Aşgabada geldiler. Olaryň birnäçesi bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. 

12-nji maýda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň kanunçykaryjy edarasynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri uly kärdeşlik duşuşygyny  geçirerler. Onuň barşynda dünýäniň üýtgäp duran ýagdaýy bilen bagly  meseleleri we sowallary çözmekde milli mejlisleriň orny, hyzmatdaşlygyň meseleleri we kanunçykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşylar. 

Şeýle hem 13-nji maýda «Merkezi Aziýa – Russiýa Federasiýasy» ady bilen zenanlaryň dialogy geçiriler. Dialoga gatnaşyjylar zenanlaryň telekeçilik, maglumat tehnologiýasy we sanlylaşdyrmak ulgamyndaky orny hakynda durup geçerler.