Ýewropanyň Ösüş we täzeleniş banky Türkmenistanda durmuşa geçirýän taslamalarynyň toplumyny mälim etdi. Bu barada Halkara maliýe guramasyna salgylanyp, Trend habar berýär. 

ÝÖTB tarapyndan häzirki wagtda çenli Türkmenistanda durmuşa geçirilen taslamalaryň umumy bahasy 323 million ýewrodan gowrak boldy.

Soňky maglumatlara görä, bank dünýäniň 23 döwletinde umumy bahasy 49 million ýewro bolan taslamalary durmuşa geçirýär. Bu maýa goýumlaryň aglabasy durnukly infrastruktura gönükdirilendir.