29-njy aprelde geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň Düzgünnamasyny tassyklady. Bu barada «Watan» habarlary gepleşiginde habar berildi.

Düzgünnama «Jenaýatdan alnan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna, terrorçylygy we köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýramagyny maliýeleşdirmäge garşy göreşmek barada» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy. 

Resminamanyň esasy maksady ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleri halkara ylalaşyklaryna laýyklykda ýerine ýetirmekden ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan tassyklanylan Düzgünnamada Maliýe gözegçiligi gullugynyň anyk wezipeleri, borçlary we hukuklary beýan edilýär. 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gullugyň esasy iş ugurlaryna ünsi çekip, onuň döwletimiziň jenaýatdan alnan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna, terrorçylygy we köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýramagyny maliýeleşdirmäge garşy göreşmek ugrunda we degişli halkara guramalarda alyp barýan işlerine goşant goşmalydygyny belledi.