Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 17 million 654 müň dollaryna deň bolan jemi  53 geleşik baglaşyldy.

Russiýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gruziýanyň, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Gyrgyzystanyň işewürleri daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen ECO-93 belgili ulag ýangyjy, şeýle hem nah ýüplügini, buýan köküni, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri satyn aldylar.

Türkmen telekeçilerine umumy bahasy 37 million 509 müň manat bolan TNGIZT-niň önümi — motor ýagy, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümi — polipropilen we polietilen hem-de el halylary ýerlenildi.