22-nji aprelde geçirilen nobatdaky hökümet mejlisinde jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunylaşdymagy ugrunda göreşmek boýunça alnyp barylýan çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde wise-premýer M.Muhammedow Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky maliýe gözegçiligi boýunça gullugyň bu ugurda alyp barýan işleri barada hasabat berdi. 

«Jenaýatdan alnan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna, terrorçylygy we köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýramagyny maliýeleşdirmäge garşy göreşmek barada» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, maliýe gözegçiligi gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça taslama taýýarlanyldy. 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejilere we terrorçylykly guramalaryň maliýeleşdirilmegine garşy göreş boýunça milli ulgamyň binýadyny berkitmäge degişli işleriň geçirilmeginiň ähmiýetini nygtady. Şunda degişli kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmeginiň hem möhümdigi bellenildi. 

Türkmenistanyň Prezidenti bu ugurda esasy ornuň maliýe gözegçiligi gullugynyň paýyna düşýändigni nygtap, wise-premýer M.Muhammedowa gullugyň işi bilen bagly birnäçe anyk tabşyryklary berdi.