Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede jemi 167 geleşik hasaba alyndy. 

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Beýik Britaniýanyň, Singapuryň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Owganystanyň işewürleri daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän ulag ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, suw arkaly arassalanan dizel ýangyjyny, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilýän suwuklandyrylan gazy, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen polietileni, nah ýüplügini we tüýjümek önümleri satyn aldylar. Mundan başga-da, türkmen telekeçilerine umumy bahasy ABŞ-nyň 99,4 müň dollaryna deň bolan nah ýüplügi ýerlenildi. 

Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 69 million dollaryna barabar boldy. 

Manat serişdeleriniň hasabyna Gazagystanyň telekeçileri 567 müň manatlyk nah ýüplügini satyn aldylar.

Şeýle-de manat serişdeleriniň hasabyna ýerli işewürler tarapyndan 160 million manatlyk polipropilen we ýokary ýokary dykyzlykly polietilen satyn alyndy.