18-nji aprelde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanyp guralan nobatdaky sergi öz işini tamamlady. 

Sergä ýurdumyzyň senagat we işewürlik ulgamyna degişli 200-den gowrak kompaniýalardyr kärhanalar gatnaşyp, azyk senagaty, himiýa önümleri, egin-eşik we aýakgap harytlary, şeýle hem gurluşyk materiallarydyr elektronika boýunça öz gazananlary hem-de täzeçillikleri bilen tanyşdyrdylar. 

Serginiň çäklerinde türkmen işewürleri onlaýn aragatnaşyk arkaly daşary döwletli hyzmatdaşlary bilen jemi 63 resminama gol çekdiler. Olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 145 million 399 müň dollaryna deň boldy. 

Şeýle hem sergä «Rysgal» paýdarlar-täjirçilik banky gatnaşyp, ýurdumyzyň hususyýetçilerine we telekeçilere hödürleýän bank hyzmatlarynyň toplumy bilen tanyşdyrdy.