Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň we paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.
Maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň amala aşyrylyşy bilen baglanyşykly wezipeler hem-de möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, öňde boljak şanly wakalara gabatlanylyp dürli maksatly desgalaryň ulanylmaga berilmegine taýýarlyk görmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, göni wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy hem-de onuň bilen bir wagtda Ministrler Kabinetiniň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewi çagyrdy.
Häkim paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy, şäheri abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler hem-de täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi we Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli açylmagy meýilleşdirilen desgalaryň gurluşyklarynyň barşy barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, paýtagtymyzda amala aşyrylýan işleriň ählisine ýaşaýyş-durmuş, inžener-tehniki, ulag-kommunikasiýa ugurlary bilen birlikde, ekologiýa taraplaryny hem göz öňünde tutup, toplumlaýyn çemeleşilmelidigini belledi.
Şeýle-de, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky gyş möwsümine, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny zerur ulanyş ýagdaýyna getirmäge taýýarlyk görmek, jemagat gulluklarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek, şäherde ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek bilen bagly meseleleriň çözülişine ýene-de bir gezek häkimiň ünsüni çekdi we şunuň bilen baglylykda, anyk tabşyryklary berdi.
Wise-premýere we häkime Aşgabatdaky täze gurluşyklarda, aýratyn-da, baýramçylyk seneleri mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda işleriň hilini we olaryň öz wagtynda ýerine ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamak barada görkezme berildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowy hem-de bu sebite gözegçilik edýän wise-premýer Ç.Gylyjowy çagyrdy. Häkim welaýatda alnyp barylýan işler, obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin görülýän çäreler, güýzlük bugdaý ekişine hem-de pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek üçin işlenip taýýarlanylan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Mundan başga-da, häkim sebitiň ýaşaýyş-durmuş düzümlerini kämilleşdirmek, gurulýan desgalarda işleriň depginini ýokarlandyrmak, ýetip gelýän täze okuw ýylyna taýýarlyk görmek boýunça çäreler hem-de ýurdumyz üçin uly ähmiýete eýe bolan şanly seneler mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk tehnikasyny, tohumlary, suw serişdelerini güýzlük bugdaý ekişine göwnejaý taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady. Geljek ýylyň bugdaý hasylynyň ygtybarly binýadyny tutmak üçin ähli agrotehniki kadalary hasaba almak bilen, ekin meýdanlaryny ekişe taýýarlamak, bu möhüm çäräni bellenilen möhletlerde hem-de ýokary hil derejesinde geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz pagta ýygymynyň oýlanyşykly guralmalydygyna, agrotehniki möhletlere laýyklykda, gowaça ideg etmek, soňra bolsa pagtaçylaryň tutanýerli zähmeti bilen ýetişdirilen bol hasylyň ýitgisiz ýygnalmalydygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz oba hojalyk tehnikasyny, şol sanda pagta ýygyjy kombaýnlary, ýygnalan hasyly daşamak üçin awtoulaglary, pagta arassalaýjy kärhanalary we hasyly kabul ediş harmanhanalaryny möwsüme taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Güýzlük ýeralmanyň, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişini bellenilen wagtynda geçirmek, olara ideg etmek hem-de bol hasyly almagy üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklar berildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak şanly wakalara, ilkinji nobatda, Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramyna ünsi çekip, bu şanly senä gabatlanyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalaryň ýokary hilini we bellenilen möhletlerini berjaý etmegiň zerurdygyny nygtap, häkime we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny dowam edip, göni wideoaragatnaşyga Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewi hem-de welaýata gözegçilik edýän wise-premýer B.Öwezowy çagyrdy.
Häkim günbatar sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, Oba milli maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli açylmagy meýilleşdirilen täze desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de welaýatyň ähli bilim edaralarynda täze okuw ýylynyň başlanmagyna guramaçylykly taýýarlanylyşy barada habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pagta ýygymy möwsümini hem-de güýzlük bugdaý ekişini agrotehniki kadalara laýyklykda üstünlikli geçirmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden örän netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny nygtap, ähli degişli meseleleriň çözülişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Bugdaý ösdürip ýetişdirmäge bölünip berlen ýerleriň öz wagtynda sürülmegi, tehnikalaryň hem-de ýöriteleşdirilen enjamlaryň ekişe doly taýýarlygy gözegçilikde saklanyp, daýhanlar ýokary hilli tohum bilen üpjün edilmelidir.
Şeýle hem ýakynlaşyp gelýän pagta ýygymy möwsüminiň guramaçylyk meseleleriniň çözülmegine jogapkärli çemeleşilmegi, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak we saklamak boýunça çäreleri öz wagtynda görmek, kombaýnlary hem-de beýleki oba hojalyk tehnikalary, pagta arassalaýjy kärhanalary we kabul ediş bölümleri möwsüme doly taýýar etmek zerurdyr.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerleri oýlanyşykly peýdalanmak, oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmak arkaly welaýatyň obasenagat toplumynyň mümkinçiliklerini ulanmagyň wajypdygy barada aýdyp, häkime gök we beýleki oba hojalyk ekinlerine, şol sanda güýzlük şugundyra ideg etmek, ondan ýokary hasylyň alynmagyny üpjün etmek boýunça agrotehniki işleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly senesi mynasybetli açyljak desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ulanylmaga tabşyrylmagy boýunça anyk görkezmeler berildi.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow sebitde ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy, oba hojalyk toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, pagta ýygymyna we güýzlük bugdaý ekişine taýýarlyk görmek, ýerlerde durmuş-ykdysady düzümi döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Onuň bilen bir wagtda, sebite gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşükow hem aragatnaşyga çagyryldy.
Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, bu welaýatyň bilim edaralarynda hem täze okuw ýylyna guramaçylykly taýýarlyk görülýändigi habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumynda öňde boljak jogapkärli möwsümlere taýýarlyk görmegiň esasy ugurlaryna ünsi çekip, oba hojalyk tehnikasyny netijeli peýdalanmagyň, pagta ýygymyny hem-de geljekki hasyl üçin bugdaý ekişini bellenilen möhletde we talabalaýyk derejede geçirmek üçin degişli düzümleriň işlerini utgaşdyrmagyň ähmiýetini nygtady.
Milli Liderimiz häkime gök we beýleki oba hojalyk önümleriniň, şol sanda şalynyň önümçiligine, olara ideg etmekde we hasyllylygyny ýokarlandyrmakda ähli agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegi babatynda anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatda bina edilýän desgalaryň gurluşyk işlerini öz wagtynda tamamlamagyň möhümdigini belläp, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly senesi mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda işleriň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy.
Soňra sanly wideoaragatnaşyga Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň welaýata gözegçilik edýän orunbasary M.Meredow çagyryldy.
Häkim welaýaty durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek boýunça görülýän çäreler, oba hojalyk ulgamynda hem-de Watanymyzyň Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygynyň şanyna ulanylmaga beriljek desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy we täze okuw ýylynyň başlanmagyna degişli guramaçylyk işleri barada habar berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, häkime öňde boljak pagta ýygymy möwsümine degişli tabşyryklary berip, kärendeçileri hem-de mehanizatorlary oba hojalyk tehnikalary we beýleki zerur bolan serişdeler bilen üpjün etmek meseleleriniň hemişe üns merkezinde bolmalydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pagta kabul ediş harmanhanalarynyň we gaýtadan işleýän kärhanalaryň möwsüme taýýarlygynyň barlanylmalydygyny aýdyp, tabşyrylan çig mal üçin kärendeçiler bilen özara hasaplaşyklaryň hem öz wagtynda geçirilmelidigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz öňde boljak güýzlük bugdaý ekişi barada aýdyp, geljekki hasylyň ýerli toprak-howa şertleri bilen birlikde, hemme ýagdaýlary göz öňünde tutup, onuň guramaçylykly geçirilişine baglydygyny belledi.
Şeýle hem häkime güýzlük ýeralma, beýleki gök önümlere zerur derejede ideg etmek boýunça anyk görkezmeler berildi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz şalynyň ösdürilip ýetişdirilişi baradaky meseläni gozgap, «merjen dänäniň» ýokary hasylyny üpjün etmegiň möhüm şertiniň agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginden ybarat bolup durýandygyny belledi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere we häkime bina edilýän desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra wideoaragatnaşyga Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew we sebite gözegçilik edýän wise-premýer E.Orazgeldiýew çagyryldy. Häkim welaýatda alnyp barylýan işler, möwsümleýin oba hojalyk çäreleriniň başlanylmagy bilen baglanyşykly geçirilýän işler, durmuş-ykdysady düzümleri ösdürmek, bina edilýän desgalarda gurluşyk işleriniň depgini barada hasabat berdi. Şeýle hem tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatyň ähli künjeklerinde täze okuw ýylyna taýýarlyk görlendigi barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pagta ýygymynyň we güýzlük bugdaý ekişiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, obasenagat toplumynyň ähli düzümleriniň sazlaşykly işini ýola goýmagy tabşyrdy.
Degişli çärelerde ulanyljak tehnikalaryň göwnejaý ulanyş ýagdaýyny üpjün etmek, ýokary hilli tohum taýýarlamak hem-de beýleki serişdeleriň üpjünçiligi, «ak altyn» hasylyny kabul ediş harmanhanalarynyň bökdençsiz işlemegini guramak meselelerine hem aýratyn üns bermek zerurdyr.
Gök önümleriň, hususan-da, gant şugundyrynyň öndürilýän möçberlerini artdyrmak üçin welaýatda bar bolan mümkinçilikler doly herekete getirilmelidir. Şunda agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmegi, hojalygy ýöretmegiň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagy möhüm şertdir diýip, milli Liderimiz häkime anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem wise-premýere we häkime gurluşyk desgalarynyň, esasan-da, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalaryň gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän maslahatyň dowamynda oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýewiň hasabaty diňlenildi. Ol möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, pagta ýygymyna we güýzlük bugdaý ekişine görülýän taýýarlyk, ýurdumyzyň maldarçylyk pudagyny ösdürmek babatda öňde goýlan möhüm wezipeleri durmuşa geçirmekde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygyny, aýratyn-da, maldarçylyk pudagyny mundan buýana hem okgunly ösdürmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde, hususan-da, mallar üçin ot-iýmleri taýýarlamak işini talabalaýyk ýola goýmakda kemçiliklere ýol berilýändigi üçin ministriň alyp barýan işine düýpli nägilelik bildirdi hem-de möhüm maksatnamalarda kesgitlenen wezipeleri çözmäge aýratyn jogapkärli çemeleşmegi we degişli çäreleri görmegi talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ot-iýmleri ösdürip ýetişdirmek üçin ýer böleklerini bölüp bermek, mallar üçin ätiýaçlyk ot-iým binýadyny döretmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak boýunça çäreleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň obasenagat toplumynyň önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, bu babatda ministre we welaýatlaryň häkimlerine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow wideoaragatnaşyga çagyryldy, wise-premýer ýurdumyzyň okuw edaralarynyň täze okuw ýylyna taýýarlygy hem-de öňde boljak Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeleriň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny nygtady. Bu gün ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim we oňat terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär.
Milli Liderimiz täze okuw ýylyna guramaçylykly başlamagyň hem-de Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere we welaýatlaryň häkimlerine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz bu ulgamy mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýaşlaryň häzirki zaman bilimlerini özleşdirmegi üçin ähli şertleri döretmek, jemgyýetiň aň-paýhas kuwwatyny ýokarlandyrmak meselelerini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.