23-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, 3-nji iýunda paýtagtda köpçülikleýin welosipedli ýörişi guramagyň göz öňünde tutulýandygy barada aýdyldy. Şanly sene mynasybetli 30-njy maý — 3-nji iýun aralygynda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde welosipedli ýörişleri, sport ýaryşlaryny, ylmy-amaly maslahatlary, wagyz-nesihat we beýleki çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Bütindünýä welosiped gününi dabaraly belläp geçmek üçin gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem Aşgabatda, Arkadag şäherinde, welaýatlarda bedenterbiýe-sport çärelerine gowy taýýarlyk görmegiň we talabalaýyk geçirmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.