Ýurdumyzyň ilatynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, karar edýärin:

1. 2025-nji ýylyň 18-nji maýyndaky dynç gününi 19-njy maýa — duşenbe gününe geçirmeli.

2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi