Türkmenistanly hünärmenler topary GDA agza döwletleriniň ynsanperwer ulgamda çäreleri guramagyň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça geçiren mejlisine gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde 31-nji ýanwarda resmi taýdan habar berildi.
Türkmenistanly hünärmenler bilen birlikde, mejlise Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Russiýadan, Täjigistandan, Özbegistandan, şeýle hem GDA-nyň Hökümetara Geňeşiniň sekretariatyndan, Ynsanperwer hyzmatdaşlygyň döwletara gaznasyndan we GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetinden wekiliýetler gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda çäreleriň meýilnamasy bilen baglylykda, gyzyklanma bildirýän taraplaryň teklipleri diňlenildi. Täze resminama 10 bölümden ybarat bolup, çäreleriň 300-sini özünde jemleýär.
Taslama hünärmenler tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylandan soň, ol GDA döwletleriň daşary işler ministrleriniň hem-de hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň öňde boljak mejlisleriniň garamagyna hödürlenildi.
Çäreleriň meýilnamasy GDA agza döwletleriniň ylym, bilim, medeniýet, maglumat we köpçülikleýin habar beriş, neşir we çaphana işi, sport we syýahatçylyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyny kadalaşdyrmaga gönükdirilendir.