Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda
geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit»
döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny satyn aldylar.
BAE-niň we Türkiýäniň telekeçilerine jins matalary hem-de pagta süýümi
ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 405 müň dollaryndan
gowrak boldy.
Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin polipropileni, nebit ýol bitumyny
(«Türkmennebit» döwlet konserni), şeýle hem buýan köküniň goýaldylan
ekstraktyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 67 million 450 müň manada
deň boldy.
Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»