Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin habar beriş serişdelerini we resminama dolanyşygyny sanlylaşdyrmak boýunça iş maslahatyny geçirdi

18 Mart, 2020 ý. 


Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň medeniýet we habar beriş syýasaty meselelerine gözegçilik edýän orunbasary B.Abdyýewanyň hem-de ulag we kommunikasiýa ulgamynyň işleriniň utgaşdyrylmagyna gözegçilik edýän orunbasary B.Öwezowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynda «Türkmenistanda 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň barşyna garaldy, resminama dolanyşygynyň elektron ulgamyny kemala getirmek we milli köpçülikleýin habar beriş serişdelerini degişli derejede üýtgedip guramak boýunça işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz jemgyýetimiziň we ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlarynda sanly serişdeleri giňden peýdalanmakda ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmegiň anyk ugurlaryny kesgitledi. Milli Liderimiz ösüşiň uly mümkinçiligini onlaýn serişdeleriň hem-de elektron hyzmatlaryň ulanylmagynda görýär.

Şu maksatlar bilen, kanunçylyk binýady hem kämilleşdirilýär. Golaýda deputatlar Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahatynda beýleki täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň hatarynda «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny makulladylar we kabul etdiler.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça «Bir penjire» diýen awtomatlaşdyrylan habar beriş ulgamy görnüşinde bolan döwlet hyzmatlarynyň bir bitewi internet portaly döredildi.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan Diýarymyzyň programma üpjünçiliklerine hem-de innowasion-oýlap tapyş işlerine degişli işläp taýýarlamalaryň höweslendirilmelerini ýüze çykarmak maksady bilen bolsa, saglygy goraýyş, ylym we bilim, senagat, ulag we kommunikasiýa, hyzmatlar ulgamy, orta we kiçi telekeçilik, «akylly» şäher ýaly ugurlar boýunça innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan edildi.

Bu çäreleriň ählisi Türkmenistanyň sanly ulgama degişli meselelerinde kesgitlenilip, häzir döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlary boýunça ýaýbaňlandyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa söz berdi. Wise-premýer köpçülikleýin habar beriş serişdelerini elektron görnüşe we sanly ulgama geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berip, milli Liderimiziň internetiň habarlar-täzelikler ulgamyna Türkmenistanyň gatnaşmagyny giňeltmek, saýtlary hem-de beýleki web-serişdeleri döretmek barada ozal beren tabşyryklary boýunça habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine hem-de guramaçylyk düzümlerine täze gurallar, usullar we tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Olary sanly ulgama öwürmegiň barşynda döredijilik we önümçilik edaralarynyň arasynda içki tor ulgamy ýola goýuldy, gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalarynyň tehniki önümçilik bilen gatnaşyklary has işjeňleşýär.

Türkmenistanyň Metbugat merkezinde sanly neşir üçin ýöriteleşdirilen poligrafiýa programmalary hem-de häzirki zaman çözgütleri ulanylýar. Şolar işiň ýokary hilli bolmagyny hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, çap edilýän neşirleri elektron we internet görnüşine geçirmegiň türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň ugurlarynyň biridigini, munuň olary häzirki zamanyň ölçegleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilendigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, dünýä tejribesini öwrenmek we özleşdirmek, täze media-tehnologiýalary işjeň peýdalanmak we bilelikdäki maglumatlar taslamalaryny işläp taýýarlamak, ýurdumyzyň žurnalistleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak zerur diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz elektron ulgama geçmek işini çaltlandyrmagy tabşyrdy. Munuň özi metbugat we elektron neşirleriniň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, eziz Diýarymyzyň durmuşy, onuň üstünlikleri we gazananlary barada halkara jemgyýetçiligiň habardarlyk derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezowa söz berdi. Wise-premýer sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny hem-de hereket etmegiň degişli meýilnamasyny durmuşa geçirmek, elektron hökümet ulgamyny kemala getirmek hem-de ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan «Elektron Hökümet» ulgamynyň peýdalanyjylarynyň şahsyýetini anyklamagyň ýeke-täk maglumatlar ulgamy hakynda düzgünnamanyň», «Elektron Hökümet» ulgamynyň fiziki we ýuridiki şahslarynyň maglumatlar binýadyny (ID) kemala getirmegiň we ýöretmegiň tertibi hakynda düzgünnamanyň», «Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň düzgünnamasynyň» taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerini ýerine ýetirmek ugrunda Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynyň dolandyryş merkezlerinde häzirki zaman serwer we beýleki enjamlar, programma üpjünçiligi bilen meşgullanýan zerur bolan hünärmenler bilen üpjün ediljek IT-meýdançalary, şeýle hem ugurdaş okuw merkezlerini döretmek maksat edinilýär.

Agentlik tarapyndan yglan edilen «Sanly çözgüt — 2020» atly innowasion taslamalaryň bäsleşiginde saýlama ýaryşyň ugurlary boýunça öz işläp taýýarlamalaryny hödürlemäge taýýar bolan ýurdumyzyň ähli fiziki we ýuridiki taraplary gatnaşyp biler. Bäsleşigiň netijeleri «Türkmentel — 2020» halkara sergisiniň geçirilýän günlerinde jemleniler.

Şeýle hem «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri tarapyndan ýurdumyzda çap edilýän ähli gazetleri we žurnallary bir bitewi internet saýty hem-de mobil goşundysy görnüşinde neşir etmek, neşirleriň her biri boýunça aýratyn elektron gaznanyň bolmagyny üpjün etmek, okyjylaryň öz islegine görä, olara ýazylmaga mümkinçilik döretmek maksady bilen, taslama taýýarlanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sanly ulgama geçmegiň häzirki döwürde bütin dünýäniň barýan ugry bolup durýandygyny, onuň biziň gündelik durmuşymyza we işimize ornaşýandygyny, kommunikasiýa mümkinçiliklerini giňeldýändigini we mundan beýläk hem biziň öňümizde bu işleriň diňe tizleşmeginiň garaşýandygyny nygtady.

Şeýle düýpli özgertmeler bilen baglylykda, täze pudaklar, bazarlar, dolandyryş nusgalary peýda bolýar. Elbetde, bu işlerde ýurdumyzyň mynasyp orny eýelemegine biz möhüm ähmiýet berýäris. Şoňa görä-de, maglumatlary geçirmegiň üpjünçilik ulgamyny, umuman, aragatnaşygyň üpjünçilik ulgamyny ösdürmek zerur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgama geçilmegine has möhüm ähmiýet berilmeginiň ýene-de bir sebäbine ünsi çekdi. Bu bolsa dünýäde ýaýran ýiti ýokanç keseli bilen baglydyr. Çünki islendik metbugat neşiri arkaly hem mikroblar geçip bilýär. Bu ýagdaýlaryň adamlaryň köp ýygnanan ýerinde ýüze çykyp bilmek howpunyň bardygy sebäpli, uzak aralykdan elektron aragatnaşyk ulgamyna mümkin boldugyça tiz geçilmeginiň möhüm ähmiýeti bardyr.

Milli Liderimiz häzirki döwürde munuň möhüm bolan zerurlykdygyny hem-de ähli işleri oňat guramaga, utgaşdyrmaga we işleriň netijeliligine, hiline gözegçilik etmäge ýardam berýän işleri dolandyrmagyň oňyn guralydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gysga wagtyň içinde «Elektron Hökümet» ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagy we bu babatda teklipleri bermegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu ulgamda giň gerimli toplumlaýyn çäreler görler hem-de resminama dolanyşygynyň tutuş ulgamynyň elektron görnüşine doly geçilmegi ilkinji ädimleriň biri bolar.

Milli Liderimiz kanunçylyk namalaryna, Hökümetiň, Parlamentiň we beýleki edaralaryň iş tertiplerine hem degişli üýtgetmeleri girizmegiň zerurdygyny belledi. Şol edaralar, öz nobatynda, işleriniň sanly ulgama özgerdilmegine taýýar bolmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda dolandyryş işlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak meseleleriniň üstünde durup geçip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi talap etdi. Häkimlikler we ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary bu işleri aýratyn üns merkezinde saklamalydyr. Munuň üçin oba ýerlerinde hem internete elýeterliligi üpjün etmeli, degişli üpjünçilik we hyzmatlar ulgamlaryny maglumatlaryň barha artýan möçberlerine laýyk derejede taýýarlamaly.

Milli Liderimiz iş maslahatyny dowam edip, elektron köpçülikleýin habar beriş serişdeleri baradaky meselä dolanyp geldi hem-de kompýuterleriň döwründe doglan we önüp-ösen ýaşlaryň gyzyklanmalarynyň içgin öwrenilmeginiň zerurdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maglumatlary ýaýratmak üçin planşetlerden we smartfonlardan başlap, telewizorlara çenli kabul ediji enjamlaryň dürli görnüşlerinde maglumatlaryň elýeterliligini üpjün edýän täze çemeleşmeleri we çözgütleri peýdalanmagyň möhümdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz, mysal hökmünde, wise-premýerlere metbugat neşirleriniň birini elektron görnüşinde açyp görkezip, onuň okyjy üçin örän bähbitli bolýandygyna ünsi çekdi. Munuň çap etmek önümçiligi bilen deňeşdirilende, wagt taýdan-da, serişde taýdan-da tygşytlylygy üpjün etmek bilen birlikde, olaryň çatylyp goýulma görnüşinde ýer tutmaýandygy babatda hem, islendik pursatda elýeterlidiginde, täzelikler bilen onlaýn ýagdaýda tanyşmaga mümkinçilik berýändiginde tapawutly aýratynlygy bardyr.

Mundan başga-da, milli Liderimiz elektron gazetleriň kagyz görnüşindäkiden tapawutlylykda, maglumatlar bilen işlemek üçin has amatlydygyny belledi — elektron gazetleriň üsti bilen gözleýän zadyňy tapmak aňsat, degişli ugurlaryňa ýa-da elektron we internet serişdelerine geçmek mümkin. Döwlet Baştutanymyz ýokarda aýdylanlary umumylaşdyryp, gazetleri we žurnallary elektron görnüşe geçirmegiň anyk wagt tertibini düzmegi tabşyrdy.

Sanly ulgam babatda ýurdumyzda bitewi maglumat giňişliginiň bolmagyny üpjün etmek esasy wezipeleriň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň raýatlarynyň häzirki zaman aragatnaşyk tehnologiýalarynyň bilim, lukmançylyk we dynç alyş babatda döredýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilmegi üçin, Internet we aragatnaşyk ulgamlaryna uly bolmadyk ilatly ýerleri we uzakdaky etraplary birikdirmegiň zerurdygyny nygtady.

Milli Liderimiz şeýle hem neşirleriň elektron görnüşine geçmek bilen baglylykda, redaksiýalaryň gurluşyny üýtgetmek meseleleriniň üstünde işlemegi, elektron gazetlerden we žurnallardan peýdalanmak üçin bellenilýän tölegleri kesgitlemegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli sanly ulgama geçmegi, aýratyn hem, bu babatda Hökümetiň işi üçin şertleri döretmek boýunça işleri tamamlamagyň möhletini kesgitledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara bellenen wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

 

www.tdh.gov.tm