Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň söwdalarynda jemi 68 geleşik baglaşyldy.
Dollar serişdeleriniň hasabyna Owganystanyň, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gruziýanyň, Beýik Britaniýanyň işewürleri Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümi bolan demir ýol nebit bitumyny, çalgy mazudyny, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän benzini we «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümi — ЕСО-93 uçar benzinini satyn aldylar.
Şeýle hem daşary ýurt puluna Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň telekeçilerine float aýna listleri, tüýjümek matadan tikilen dokma önümleri ýerlenildi.
Söwda geleşikleriniň umumy bahasy ABŞ-nyň 90 million 363 müň dollaryna deň boldy.
Milli manat serişdelerine Beýik Britaniýanyň, Şweýsariýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Owganystanyň täjirleri elde dokalan halylary satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy 152 müň manatdan gowrak boldy.