“Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky, Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetin sanly ulgam arkaly geçiren mejlisinde berilen tabşyrygyny ýerine ýetirmek we Täze ýyl baýramyny dabaraly belläp geçirmek maksady bilen, şu ýylyň 20-nji dekabryna çenli ýurdumyz boýunça eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edara-karhanalarda we guramalarda dekabr aýynyň zähmet haklarynyň doly we öz wagtynda tölemek boýunça öňünden degişli çäreleri geçirmegiňizi Sizden haýyş edýär.
Şu ýylyň 1-nji dekabryna çenli bank tarapyndan noýabr aýynyň zähmet haklary we dekabr aýynyň salgytlary tölemekligini, dekabr aýynyň 1-den 20-nji dekabr aralygynda dekabr aýynyň zähmet haklaryň doly tölemenmegini Sizden haýyş edýäris.
Bankymyz tarapyndan bu babatda ähli şertler dörediler.