19-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG) bilen bilelikde «Bitaraplyk, parahatçylyk we ynanyşmak» atly halkara maslahat gibrid görnüşde geçirildi. Maslahata YHG-nyň wekiliýeti, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary, şeýle-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Allakbaýewiň, DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýewiň, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygynyň orunbasary A.Kösäýewiň hem-de beýleki ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň çykyşlary diňlenildi.

Maslahata sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Gurbanow, YHG-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Ž.Asanow we YHG-nyň Medeniýet institutynyň prezidenti S.Bakhtin hem gatnaşdy.

Şu ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde YHG-a agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV Sammiti geçiriler.

Esasy çäreleriň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilen YHG-nyň agza-ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň mejlisi hem-de işewürlik forumy meseleleriň giň toplumy boýunça pikirleriň alyşylmagy üçin oňyn meýdança öwrüler.