Sankt-Peterburgdaky Tawriý köşkünde GDA ýurtlaryndan, şol sanda Türkmenistandan we ilkinji gezek Angola Respublikasyndan 1,5 müňden gowrak gatnaşyjyny jemlän «Moda Arkalaşygy» III halkara forumy açyldy.

Iki gün dowam etjek forumda gatnaşyjylar moda ulgamynyň ösmegi, döwlet we maýa goýum maksatnamalary, innowasiýalar, işgär meseleleri we medeni däp-dessurlaryň häzirki zaman tendensiýalaryna edýän täsiri barada pikir alyşarlar. Türkmenistan öz dokma önümçiliginiň däplerine esaslanyp, milli egin-eşikleriniň özboluşlylygyny forumda görkezer.

Forumyň maksatnamasy plenar mejlisleri, tegelek stollary we sergileri öz içine alýar. Russiýa Federasiýasynyň Federal Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Inna Swýatenko, forumyň medeni gatnaşyklar we halkara hyzmatdaşlyk üçin möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Şeýle-de forumyň çäginde pudaklaýyn birleşikler we kärhanalar bilen 20 töweregi şertnama gol çekmek meýilleşdirilýär.

Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi